Halkyň milli buýsanjy

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri şan-şöhraty äleme dolan ahalteke bedewleriniň belentliginiň, gadyr-gymmatynyň buýsançly tarypydyr, ajaýyp teswiridir. Şonuň bilen birlikde-de, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerine çäksiz söýgüsiniň, guwanjynyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserlerinde bu barada beýan edilýän gürrüňler, taryhy wakalar, türkmen halkynyň bedew atlary bilen baglanyşykly ýörelgeleri, däp-dessurlary, rowaýatlar olary belent derejelere galdyrýar. Halkymyzda «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At dosty — ata dosty», «At basyşyndan belli...», «Aty baryň — ganaty bar» diýen we at bilen baglanyşykly başga-da ençeme nakyllar, atalar sözleri bar. Gadymy «Kowusnamada» nakyla barabar şeýle jümle bar: «Oglum, at almakçy bolsaň, aldanmaz ýaly juda seresap bolgun! Ýagşy ata, ýagşy adama näçe nyrh kesseň-de, utulmarsyň». Elbetde, bu nakyllar, atalar sözleri biziň şu günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Sebäbi olar at bilen ynsanyň arasyndaky ýakynlygyň, meňzeşligiň subutnamasy hökmünde durmuşymyza ýakymly öwüşginleri çaýýar, oňa özboluşly many berýär.
Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we beýlekiler ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ökde hünärmenleri, atşynaslary taýýarlamaga, olaryň tohumçylyk işlerini döwrebap derejede alyp barmaga, at çapyşyklaryny, şunuň bilen baglanyşykly medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaga giň mümkinçilikleri döretdi. Welaýatymyzda belent hormat-sarpa, baýraklara mynasyp bolan atşynaslar, seýisler köp. Olar dürli etraplarda, obalarda ýaşap, ahalteke bedewlerini idetmek, seýislemek bilen meşgullanýarlar. Şeýle ussatlaryň ata-babalarymyzyň atşynaslyk ýörelgelerini yhlas bilen dowam etdirmekleri, olaryň geljekki nesillerimize ýetirilmegine goşant goşýandyklary örän guwandyryjydyr.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy