© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Magtymguly Pyragynyň: «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, tarypyny ýetiren Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny, tebigata bolan gatnaşygyny aýan edýär. Ata-babalarymyzyň durmuşynda Nowruz täzelenişi, durmuşyň gözelligini, bereket-bolçulygy alamatlandyrypdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu baýram has-da üýtgeşik duýgular hasaplanylýar. Sebäbi bu baýram halklary ysnyşdyrýar, dostlaşdyrýar. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe bolan baýramçylykdyr. Bilşimiz ýaly, Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 ýurduň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Onuň yzysüre bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.
Nowruz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baýramçylykdyr. Otparazlaryň mukaddes kitaby «Awestada» merkezi Aziýa halklarynyň mundan 2888 ýyl ozal hem Nowruz baýramyny belländikleri aýdylýar. Şonuň üçin onda türkmen halkynyň hem däp-dessurlarynyň özboluşly şöhlelenmesini görmek bolýar. Taryhy döwrümizde halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny döwrümiziň talaplaryna laýyk kämilleşdirmekde, wagyz etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Nowruz baýramynda pälwanlaryň çekeleşikli tutluşyklary, ýigitleriň at üstündäki oýunlary, milli şaý-sepler bilen kemsiz bezenen gelin-gyzlaryň lälelerdir monjugatdylary, zenanlaryň semenidir pişme bişirip aýdýan gazallarydyr öleňleri, owlak-guzulardyr köşejikleriň naşyja sesleri, alabaýlaryň saklygy, agyp-dönüp ýören dowardyr arwana sürüleri, awa salnan tazylardyr elguşlaryň ugurtapyjylygy baýramçylygyň mazmun baýlygyny artdyrmak bilen, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryhy döwürde ýüreklerimizde baky orun alan däp-dessurlarymyzy, toý-baýramlarymyzy dünýä ýaýmak belent buýsanja, şan-şöhrata beslenen Watanymyzyň, halkymyzyň mertebesini belende galdyrmak mukaddes borjumyzdyr. Halkara Nowruz gününiň goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilmegi bolsa dostluga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Nowruz baýramy berekediň, bolçulygyň baýramydyr. Ol ynsanlaryň ýaşaýşa söýgüsini artdyrmak bilen, her birimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy