Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry adam hakdaky alada gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň uly toplumy bellenendir. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini ulanmagyň, adam bedeniniň zäherlenmeginiň öňüni almagyň wezipeleri hem uly orun eýeleýär.
Azyk-iýmit önümleri öndürilende, saklanylanda, taýýarlanylanda, degişli ýerlere daşalanda bu ugra degişli senagat, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň işgärleri tarapyndan sanitariýa-gigiýenanyň, sanitariýa-epidemiki kadalaryň bozulmazlygyna uly üns hem ähmiýet bermekleri zerur hasaplanýar.
Adam bedeninde zäherlenmäniň bolup geçen ýagdaýynda ol, esasan, kesel dörediji mikroblardan başlanýar. Onuň alamaty iýmit kabul edilenden birnäçe sagat geçenden soň ýüze çykýar. Ýagny ýürekbulanma, gaýtarma, içgeçme, garyn agyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry ýaly ýagdaýlar zäherlenmäniň ilkinji alamatlary bolup durýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almakda, ilki bilen, azyk-iýmit önümlerini öndürýän kärhanalarda, şeýle hem söwda nokatlarynda arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi hökmanydyr. Bu düzgünlere öý şertlerinde hem uly üns bermek, gök we bakja önümleriniň, miweleriň saklanyş düzgünlerini, şertlerini bilmek zerurdyr.
Bu babatda biziň gullugymyzyň işgärleri azyk-iýmit önümlerini öndürýän kärhanalarda, söwda nokatlarynda degişli barlaglary yzygider geçirýärler. Şeýle hem ilat arasynda olaryň dogry ulanylmagynyň, saklanylmagynyň kadalary babatda wagyz işleri geçirilýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.