DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Geňeşli il salamat

Ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň rowaçlanýan döwründe halkymyzyň geňeş etmek däbi täze taryhy eýýamda has-da dabaralanýar. Il ýaşulusy hökmünde welaýatymyzyň çäginde geçirilýän çärelere gatnaşyp, milli ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň şaýady bolýarys.
Geňeş etmek halkymyzyň iň ajaýyp däpleriniň biri. Magtymguly Pyragy hem özüniň goşgy setirlerinde ile geňeş salmagy ündäpdir.
Ýeri gelende bellesek, türkmen toýlarynyň öň ýanynda-da hemişe geňeş edilýär. Bu däp häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Geňeşe ýaşulular, il sylagly adamlar çagyrylyp, onda toýy nähili geçirmelidigi barada maslahatlaşylýar. Geňeşde toý eýesine ýaşulular öz pikirlerini we garaýyşlaryny aýdyp, toýy guramaçylykly geçirmegiň maslahatyny berýärler. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň: «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýşi ýaly, başlanan tutumly işler, toýlar ýokary derejede, agzybirlikde geçirilýär.
Maslahat etmek agzybirligiň, jebisligiň hem aýdyň nyşanydyr. Çünki bir saçagyň başyna jemlenip, kylnan maslahat il agzybirliginden habar berýär.
Bu asylly ýörelgä laýyklykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşleriniň agzasy bolmagym goja göwnümi ganatlandyrdy.
Obamyzyň ilaty menden kän maslahat soraýarlar, berýän maslahatlarymy alyp, dürli meselelerini ýerlikli çözýärler. «Peder pendine uýan ýaňylmaz» diýlişi ýaly, pederleriň pendi, maslahaty ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir.
Her setiri çuň many-mazmuna eýe bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Döwletalynyň» diýen goşgusynda:

Har geçmez her kimi mydam islese,
Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa—

diýmek bilen, geňeş etmegiň ähmiýetini belläp geçýär. Umuman, geňeşmek däbi halkymyzda irki döwürlerden bäri dowam edýär.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.