DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bedirkent — gadymy oba

Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşligi günbatarda B.Öwezow adyndaky geňeşligi, demirgazykda H.Myradow adyndaky geňeşligi, gündogary möwç urup akýan, joşgunly, lemmer-lemmer tolkunly, bol, bal suwly Türkmenderýanyň demirgazyk akabalarynyň ugurlary, günortasy ümmülmez Garagum çöli bilen serhetleşýär.
Bedirkent sözüne düşündirişli sözlüklerde «ilkinjiler», «bereketli mekan», «hasylly ýaýla», «bolçulykly sähralar» ýaly manylar berilýär. Soňky ýyllarda oba ilatynyň 50-ä golaýynyň ýokary döwlet sylaglarynyň dürli görnüşleri bilen sylaglanylmagy we 2010-njy ýylda 320 orunlyk 42-nji, 2014-nji ýylda 320 orunlyk 21-nji umumybilim berýän orta mekdepleriň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Bu günki gün ykdysady, medeni-durmuş we senagat maksatly ösüşleri boýunça täze sepgitleri nazarlaýan Bedirkent geňeşligi etrapda ilatynyň gürlügi, pagta we bugdaý kärendeçileriň, dowardarçylyk, düýedarçylyk, atçylyk, doňuzdarçylyk, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, ýüpekçilik, bal aryçylyk, balykçylyk, ýüpek gurçugyny idediji hojalyklaryň sany, dürli desgalaryň möçberi, öri meýdanlaryň mukdary, suwarymly bagçylyk zolaklaryň köplügi hem-de ýylyň-ýylyna ähli pudaklar boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça öňdäki orunlary eýelemegi guwandyrýar.
Soňky 100 ýyla golaý döwrüň içinde Bedirkendiň ilatynyň ösüşi 9 esse, dürli kysymly traktor, awtomobil parkynyň möçberi 15 esse kuwwatlandy, hojalygyň düşewüntliligi 25 esse, peýdalanylýan suwarymly oba hojalyk meýdanlarynyň çäkleriniň 20 esse artmagy göwün guşuňy ganatlandyrýar. Kündeden kombaýna çenli ýol geçen, gojaman, süýji suwlary bolluk bilen tolkunyp, kenarlaryny böwsüp akýan Türkmenderýanyň demirgazyk şahasynyň giň çäklerini etekläp oturan, ýowşan ysly, sahawatly, sahy, bereketli sähraýy ekerançylyk meýdanlarynyň möçberi üç müň gektara golaýlaýan, geçmişi baý taryhly oba bu günki gün zähmetde taplanan, döwür bilen aýakdaş barýan edermen daýhanlaryň, zähmetkeşler toparynyň zähmet ýeňişleri bilen has-da öňe ilerleýär. Altyn zamananyň belent ruhuna beslenen, bagtdan paýly, ösýän, özgerýän obanyň keşbi şäher derejesinde kämilleşmek bilen, täze belentliklere badalga alýar. Döwletimiziň ylym, medeniýet, jemgyýetçilik ulgamlarynda we döredijilikde at gazanan 20-ä golaý adamyň bu oba bilen ömrüniň we ykballarynyň baglanyşmagy aýratyn guwandyryjydyr. 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen dolandyryş-çäk gurluşynyň atlaryny döwrebaplaşdyrmak we taryhy gymmatlyklary ebedileşdirmek, hatyralamak, ozalky adyny dikeltmek maksady bilen, etrabyň ozalky S.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa gadymy Bedirkent adynyň dakylmagy hemmeleri begendirdi. Ýyllaryň mähri, nesilleriň hyjuwy, döwürleriň ylhamy siňýän ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň biri bolan bu mukaddes mekanyň dowamly alkyşlar, gyzgyn söýgi, wepaly ynam bilen sarpalanmagynyň binýadynda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary bar. Ýaşaýşyň ähli çygrynda obalaryň toplumlaýyn ösmegine, gözelleşmegine, abadanlaşmagyna we döwrebaplaşmagyna uly badalga berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň rowaç, janlarynyň sag, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.