Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurduň hem halkyň bähbidi jemlenendir. Jemgyýetde sazlaşykly ýagdaýyň durnuklylygy geçmiş bilen şu günüň we geljegiň aýrylmaz baglanyşygyndadyr. Bu hakykat ösüp barýan ýurdumyzda ýaşaýan bagtyýar adamlaryň öz aslyna, pederlerine, olaryň merdana ýoluna buýsanyp, eýerip, hakydada hemişe hatyrasyny belent saklaýandygynda aýratyn duýulýar. Muny her ýylyň 6-njy oktýabrynda Gökdepe söweşinde, Beýik Watançylyk urşunda we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna Hatyra gününiň bellenilip geçilýändigi bilen hem delillendirmek bolýar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwer ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu senede halkymyz paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül çemenlerini goýup, şeýle hem ýurdumyzyň ähli obadyr şäherlerinde hatyra çärelerini geçirip, Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryny hasrat bilen hatyralaýar.
Bu günki gün halkymyz aňyrdan gelýän asylly ýörelgelerini döwrebap häsiýetde dowam etdirýär. Öz pederleriniň geçen şöhratly ýoluny, Watan üçin görkezen gahrymançylygyny, edermenligini uly mekdep hökmünde mertebe belentliginde goýýar. Häzirki bagtyýar günlere, bagtly durmuşa ýetmekde olaryň geçen ýoluny ýörelge edinip, her daban ýeri gyzyla deňelýän ata Watanymyzy beýgeltmäge mynasyp goşant goşýar. Hakykatdan-da, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlaryndan gözel paýtagtymyz Aşgabat merjen şähere öwrüldi. Ak mermer binalarynyň köplügi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Paýtagtymyz Aziýanyň merjen şäheri, tutuş Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde uly abraýdan peýdalanýar.
Ýurdumyzyň ähli obadyr şäherleri taryhy ösüşleri başdan geçirýär. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly bina-desgalar, täze obadyr şäherler gurulýar. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan Arkadag şäheri tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Jemläp aýdanda, pederlerimiziň merdanalyk hem synmaz ýoly bu günki gün gurmak hem döretmek ýörelgesiniň esasynda mynasyp dowam tapýar. Şeýle döwranly durmuşyň gadyryna ýetip ýaşaýan halkymyz bolsa öz gerçeklerini, milli gahrymanlaryny hemişe hatyralaýar, olara hakydada müdimilik orun berýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.