DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara derejedäki sport abraýy barha belende galýar. Halkara ýaryşlarda, çempionatlarda ýurdumyza wekilçilik edip, belent sepgitleri, ýeňişli menzilleri eýeleýän ýaş türgenleri synlap, Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde sagdyn, maksada okgunly nesliň kemala gelýändigine göz ýetirmek bolýar.
Ildeşimiz Şahzadbek Matýakubowyň ýakynda agyr atletika boýunça Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky jahan çempionatynda dünýä rekordyny täzelemegi bilen, bu hakykata bütin älem şaýat boldy. Ol dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ştangany silterläp götermekde 175 kilogramlyk netije bilen, ýene bir dünýä rekordyny täzelemäge az galdy. Muňa garamazdan, boýny altyn medally Şahzadbek ýeňiş münberiniň birinji basgançagyny eýeledi. Ildeşimiz agyrlygy itekläp galdyrmak boýunça 216 kilogramlyk netije görkezip, dünýä rekordyny täzelemegiň hötdesinden geldi. Ol bu agram derejäniň uly altyn medalyna hem mynasyp boldy.
Şahzadbek Matýakubowyň ilkinji halypasynyň agasy Nabijon Matýakubowdygyny, ýagny onuň Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebinde tälim alandygyny aýratyn nygtamak zerur.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.