DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bol hasylyň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň häzirki günlerinde gallaçy daýhanlaryň iş-aladalarynyň ýetikdigi hemmelere mälimdir. Çünki olar şu döwürde geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmaklygy, ýagny atyz-meýdanlarda ene topraga bereket tohumlaryny atmaklygy ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şeýlelikde, endigan ekiş geçirilen meýdanlar barha artýar.
Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň hem şeýle möhüm çäräni amala aşyrmakda ähli mümkinçiliklerden önjeýli peýdalanmak bilen, ýokary netijeleri gazanýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu möwsümde 525 gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinip, bu babatda ähli taýýarlyk işlerine aýratyn üns beripdirler. Bu hem ekişi bada-bat güýçli depgine çykarmaklyga şert döredipdir.
Ýeri gelende aýtsak, bu daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileri şu ýylyň orak möwsüminde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde gelmek bilen, Watan harmanyna jemi 1400 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý goşup, uly üstünlige eýe bolupdyrlar. Munuň olary has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrandygyna häzirki günlerde bu ýerde bugdaý ekişiniň barşyna syn edeniňde hem anyk göz ýetirmek bolýar.
Biz daýhan birleşiginde bolan günümiz bugdaý ekişiniň Baýram Ýegenbaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparynyň çäklerinde, has takygy, şol toparyň işeňňir agzalarynyň biri hasaplanylýan Gözel Ýazlyýewanyň kärende ýerinde dowam edýändigini aýtdylar. Bize şol ýerde bu işiň barşy bilen tanyşmak miýesser boldy. Şonda kärendeçi daýhanyň 2 gektardan ybarat ekin meýdanynda kuwwatly traktorlaryň birnäçesi bugdaý ekişine gatnaşýardy. Olara Haýytbaý Orunbaýew, Narbaý Jumagurbanow, Täjibaý Ýegendurdyýew dagy erk edýän ekeni. Topar ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu mehanizatorlaryň erjelliginiň, yhlaslylygynyň netijesinde her günde onlarça gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirilýär. Ynha, bu atyzda hem ähli işler tamamlanyp, ekiş gutaryp barýar. Onuň hiliniň örän oňatlygy bolsa gapdaldan seredeniňde hem mese-mälim duýulýar.
Elbetde, şu mahala çenli birleşigiň gallaçylarynyň ençemesiniň kärende ýerlerini irki möhletlerde ekişe birkemsiz taýýarlap, bu işi talabalaýyk berjaý edendiklerini-de nygtap geçesimiz gelýär. Şeýle öňdebaryjy, göreldeli kärendeçileriň arasynda Täzebaý Rejebow, Merjen Ýegennazarowa we beýlekiler bar. Olaryň gözegçilik edýän meýdanlarynda hatasyz gögeriş alnyp, ýaşajyk maýsalar töwerege bezeg berýär.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginde şu möwsümde jemi 274 sany gallaçy kärendeçiniň bugdaý meýdanynda ekiş geçirmek bellenilipdir. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, häzirki döwre çenli olaryň onlarçasynyň ýerlerinde bu iş ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde bugdaý ekişiniň depgininiň günsaýyn ýokary göterilýändigi olaryň sanynyň barha köpelmegine ýol açýar.
— Hormatly Prezidentimiziň gallaçylar üçin döredýän şertleri, berýän goldawlary kärendeçi daýhanlarymyzyň öz işlerine, ene toprakdan bol hasyl öndürmeklige bolan höweslerini artdyryp, olara güýç-kuwwat bagyş edýär. Munuň şeýledigini olaryň şu möwsümde bugdaý ekişinde gazanýan netijeleri hem aýdyň tassyklaýar. Nesip bolsa, şu depginimizi gowşatman, bu derwaýys çäräniň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün ederis — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Parahat Berdibaýew iş üstündäki gürrüňdeşlikde aýtdy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.