DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hereketde bereket bar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 910 gektar meýdanda gaýratly zähmet çekip, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdiren Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda pagta ýygymy badalga alan gününden bu derwaýys işe giň gerim berdiler. Şeýlelikde, olar güýz paslynyň häzirki günleriniň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, pagta meýdanlarynda yhlasly iş alyp barýarlar. Şonuň netijesinde başarjaň kärendeçileriň pagta kabul ediş bölümine getirýän «ak altyn» hasylynyň möçberi barha artyp, harmanlary günsaýyn belende galýar.
Daýhan birleşiginiň baş agronomy Bekmyrat Borjakowyň aýtmagyna görä, şu ýyl hojalygyň pagtaçy kärendeçileri has-da yhlasly zähmet çekýärler. Çünki hormatly Prezidentimiziň özleri barada uly alada edip, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen beren goldawy olaryň işjeňligini artdyrypdyr. Şeýlelikde, kärendeçiler toparlarynyň ählisinde gowaça ideg etmek boýunça bellenilen çäreler öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilip, olaryň göwnejaý ösüşine, hasyl toplamagyna şert döredilipdir. Häzirki wagtda pagta meýdanlarynda ak hanalara bürenip oturan bitgin gowaça düýpleri muňa doly güwä geçýär.
Şu günlerde daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň haýsy birinde bolsaň hem, pagta ýygymynyň ýokary depginde barýandygyny görmek mümkin. Bu işiň Arazbaý Kakajanowyň, Baýramgeldi Nepesowyň ýolbaşçylyk edýän toparlarynda has-da guramaçylykly dowam edýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi olaryň agzalary özlerine berkidilen meýdanlarda pagta ýygymyna ilkinjileriň hatarynda girişip, şu mahala çenli öňdeligi gazanyp gelýärler.
Soňra bize ady agzalan Arazbaý Kakajanowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji kärendeçiler toparynda pagta ýygymynyň barşy bilen tanyşmak miýesser etdi. Şol pursatda berlen maglumatda bellenilişi ýaly, şu ýyl toparyň agzalary 193 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekipdirler. Şonda olaryň köpüsi her bir zerur çäräniň talabalaýyk geçirilmegine aýratyn üns berip, bu babatda ýokary netijelere eýe bolupdyrlar.
Ýeri gelende aýtsak, bu toparda Erikgül Paltaýewa, Güljan Annaýewa, Jeren Goçowa ýaly tejribeli, ene topraga çynlakaý hyzmat etmegi başarýan kärendeçi daýhanlar bolup, olar şu ýyl hem bu ugurda köplere görelde bolmagy başarypdyrlar. Şunlukda, olar häzirki döwürde özleriniň 10 —13 gektardan ybarat kärende ýerlerinde dowam edýän pagta ýygymynda hem uly yhlaslylyk görkezýärler. Bu bolsa kärendeçi daýhanlaryň birleşigiň gazanýan gündelik ösüşiniň önjeýli bolmagyna saldamly goşant goşmaklaryna ýardam berýär.
Elbetde, bu ýerde pagta ýygymynyň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda taýýarlanylan hasyly kabul ediş bölümine daşaýan mehanizatorlaryň hem mynasyp paýlarynyň bardygyny nygtamak zerur bolup durýar. Çünki olar gije-gündiziň islendik pursadynda kärendeçiler toparlarynda bolup, ýyglan pagtany bellenilen ýere ýetirmekde uly kömek berýärler. Bu babatda etrap pagta arassalaýjy, «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň yhlasly zähmetleri birleşigiň ýolbaşçylarynda-da, kärendeçi daýhanlarda hem hoşallyk döredýär.
Şan-şöhrata beslenýän şu ýylda birleşigiň kärendeçi daýhanlary Watan harmanyna jemi 1770 tonna ýokary hilli pagta goşmagy meýilnama hökmünde kabul edipdirler. Şunlukda, olar bu belent sepgide ýetilmeginiň diňe bir öz zähmetleriniň ýerine düşmegi hasaplaman, eýsem, uly abraýdygyna, bildirilýän ynamy ödemegiň alamatydygyna oňat göz ýetirýärler. Bu hem olaryň güýjüne güýç goşýar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.