Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günlerde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini mundan beýläk hem pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşyny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu babatda täze wezipeler kesgitlendi.
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly çykyş edip, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermäge Halk Maslahatynyň ýakyndan gatnaşýandygy, degişli işleri durmuşa geçirýändigi barada belläp geçdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly wezipeleriň hem üstünde durup geçdi. Oňa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ugurda zähmet çekýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde ýurdumyzyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmek babatda möhüm hasaplanýan wezipeler öňde goýuldy.
Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary, öňde goýan wezipeleri, öňe süren teklipleri tutuşlygyna halkyň, şol sanda ýaşlaryň ýagty geljegini, ýurdumyzyň röwşen ertirlerini nazarlaýar. Özi hem bularyň milletimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolandygy halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýandygyny ýene bir ýola aýan etdi.
«Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly taryhy çykyşynda belläp geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe döwletiň hem halkyň bähbidini öňe tutup alyp barýan döwlet syýasaty tutuş jemgyýetiň, şol sanda her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Muny hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda şu şöhratly ýylymyzda amala aşyrylan belent başlangyçly tutumlar barada beýan etmegi we täze maksatlar dogrusynda durup geçmegi hem doly tassyklaýar. Maksatlar ýene-de täze tutumlaryň rowaçlyklaryna gönügýär. Onda ýurdumyzyň tutuş dünýä ýüzündäki ornuny pugtalandyrmaga, mirasyny, gymmatlyklaryny, geljege uzaýan şöhratly ýoluny giňden ýaýmaga bolan ýagşy niýetler öz beýanyny tapýar. «Geçen döwürde Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda belläp, bu gurama bilen alnyp barylýan işleri has giňeltmek bilen, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdiniň ýerine ýetirijilik sungatyny guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi belent wezipe edip goýdy. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmalydygy barada belläp geçdi.
Bu döwletli işler beýik geçmişi bolan halkymyzyň geljeginiň hem bagtyýar, dowamly boljagyna güwä geçýär. Çünki nesilleri bir maksatda bitewüleşdirmek işi düýnüň, şu günüň we ertiriň aýrylmaz birliginde, sazlaşygynda, jebisliginde jemlenendir. Parasatly hem öňdengörüji başlangyçlary bilen halkymyzyň köňül guşuny ganatlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy mejlisdäki belent maksatly çykyşynda beýan eden şeýle ýagşy niýetleri döwletimiziň ösüşlerine, jemgyýetimiziň öňe gitmegine uly ýardamdyr.
Taryhy mejlisiň mazmuny ýurdumyzda halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygynyň pugtalanýandygyny we halkymyzyň Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen baky jebisligini dolulygyna açyp görkezdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.