Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir.
Guramanyň ähli agzalarynyň ýokary medeniýetli, giň gözýetimli, arassa ahlakly, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden döredijilikli baş çykaryp bilýän bolmagy gazanylýar. Talyp gyz-gelinleriň arasynda milli ýörelgeleri, el işlerini, zähmet terbiýesini, sagdyn durmuşy ündemek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Zenan mugallymlaryň, talyp gyz-gelinleriň döredijilik we medeni-köpçülik işlerinde işjeňligini artdyrmak, içki tertip-düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmak, agzybirligini pugtalandyrmak babatda hem derwaýys işler alnyp barylýar.
Mekdepde talyp gyz-gelinleriň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek, olaryň hünär endiklerini baýlaşdyrmak maksady bilen, «Hany bakaly, gyzlar!» gurnagy hereket edip, onda «Gyz edebi — il edebi», «Gyz edebinde ahlak terbiýesi», «Türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak», «Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gözelligiň waspy», «Mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň bize nusgalyk goýup giden el işleriniň ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti» ýaly bäsleşikler geçirilýär.
Guramanyň agzalary diňe bir okuw jaýynda däl, eýsem, welaýat derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatymyzda hereket edýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen «Eli çeper gözel gyzlar» bäsleşiginde talyp gyzlarymyz Gülnar Annaýewa, Risolat Sabyrowa, Artykgül Meläýewa dagydan düzülen toparymyz 2-nji orna mynasyp boldy.Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Sport — sagdynlyk» ady bilen şaşka, küşt oýunlary boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň zenan mugallymlary Sona Kurbanowa, Jeren Myradowa, Jeren Sadyýewa, Gülüstan Annaýewa, Oguljemal Paşykowa, Näzikjemal Gardaşowa, Göwher Kulyýewa dagy 1-nji orna mynasyp boldular. Şeýle köptaraply işler zenanlaryň ähli babatda işjeňliginiň artmagyna, talyp ýaşlaryň bolsa diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, hünär ussatlygyna eýe bolmaklaryna uly itergi berýär. Şolar ýaly-da, zenanlar guramamyzyň alyp barýan işleriniň netijeliligini görkezýär.
Gözel ülkämiziň bagtyýar zenanlary hakdaky aladalara möhüm ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.