DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bedene guşy

Bedene häzirki wagtda dünýäniñ köp ýerinde et we ýumurtga öndürmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Bedenäniň ýelekleri menek-menek bolýar, bu bolsa onyň janyna howp saljak jandarlardan goranmagyna kömek berýär. Agramy bary-ýogy 150—300 gramdyr. Bedenäniñ ýumurtgasy towugyñ ýumurtgasyndan has ýokumlydyr. Bedenäniñ eti özüniñ tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Bedene etinde A, B1, B2 witaminleriñ mikroelementleriñ mukdary köp. Onuñ etiniñ ýüzden ýigrimi iki bölegini proteýin tutýar, ýüzden üç bölegini ýag tutýar. Şu sebäpli bedenäniñ eti ýokumlylygy bilen has tapawutlanýar. Umumy agramy towugyñ bir ýumurtgasyna deñ bolan bedenäniñ bäş ýumurtgasynda fosfor we kaliý 5 esse, demir 4,5 esse köpdür. Bedene ýumurtgasynda towugyñ ýumurtgasyna garanyñda A, B witaminleriñ, misiñ we kobaltyñ mukdary hem has köpdür. Bedenäniñ çig ýumurtgasy ýaşaýşa ukyplylygy ýokarlandyrýar. Bedene ýumurtgasyny, esasan, gan-damar we dem alyş ulgamynyñ keselleri, aşgazan we içege ýarasy, iýmit siñdiriş bozulmaagy, demgysma, öýken sowuklamasy ýaly, birnäçe kesellerde ulanmak maslahat berilýär.

   

 

 Şadurdyýewa Gülçemen
Türkmen oba hojalyk institutynyň Awtomatlaşdyrmak
we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň
2-nji ýyl talyby