DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dünýä içre beýik şahsyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýär. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Birnäçe asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.
Magtymgulynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda öçmejek yz goýýar. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler dikildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapypdyr. Bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, olaryň giň jemgyýetçilige elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumy onuň XVIII-XIX asyrlarda ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan golýazma eserlerini öz içine alýar. Şahyryň biziň günlerimize gelip ýeten mirasynyň bu seýrek nusgalary diňe bir türkmen halkynyň däl, ähli türki halklaryň, Merkezi Aziýa, Ýewropa edebiýatynyň hem gymmatlygydyr. Bu ýygyndy Magtymgulynyň golýazmalaryndan we onuň ýakyn garyndaşlarynyň, şahyrlaryň, alymlaryň, halk bagşylarynyň dilinden ýazylyp alnan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň gaznalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary-da bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişli kitaplardyr.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.