DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şygryýet äleminiň şasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik şahsyýetlerimiziň sarpasy belende galdyrylýar.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, ösüp gelýän ýaş nesle ýetirmekde we dünýä tanatmakda tutumly işler alnyp barylýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň pähim-paýhasa ýugrulan kämil many-mazmunly goşgularynyň, ylaýta-da, ýaş nesli milli ruhda, ýagny watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.
Şu ýyl dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede bellenilýändigi beýik şahyrymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň şanyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar, baýramçylyk çäreleri, döredijilik duşuşyklary barha rowaçlanýar.
Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgula tagzym», «Kalplara siňen Pyragy», «Magtymguly Pyragy — dünýä danasy», «Akyl hazynasy» ýaly täze kitaplaryň çap edilip, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy her bir ynsan kalbynda soňlanmajak buýsanç duýgularyny döredýär. Akyldar şahyryň döredijiligi öz okyjysyny hiç haçan biparh goýmaýar. Ol häzirki ajaýyp döwrümizde has-da içgin öwrenilýär.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda, aýratyn hem, ynsan saglygynyň gymmaty, ony gorap saklamak, ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şahyr atamyzyň goşgularynda ynsanyň diňe bir beden saglygyny däl, eýsem, ruhy sagdynlygyny gazanmagyň möhümdigi hem tekrarlanýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzyň Köpetdagyň eteginde paýtagtymyza görk berip duran ýadygärliginiň bina edilmegi, şahyryň dogduk mekanynda — onuň adyny göterýän etrapda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň muzeýiniň açylmagy, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdep bilen birlikde ýadygärlik heýkeliniň oturdylmagy, Türkiýäniň Ankara, Özbegistanyň Daşkent şäherlerinde we beýleki ýerlerde beýik akyldaryň ýadygärlik heýkelleriniň gurulmagy buýsançlydyr. Magtymguly atamyzyň döredijiligi kämil şahsyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir.
Akyldar şahyrymyzyň milli ýörelgelere daýanýan ajaýyp şygyrlary ynsan kalbynyň öçmejek nuruna deňelýär. Şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusy bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Türkmen halkynyň ruhy keşbini, Watanyň mukaddes topragyny çeper suratlandyrýan setirleri kalbymyzda müdimilik orun alýar.
Owaldan Hakdan halatly halkymyzyň bagtly günleriniň buşlukçysyna öwrülen bu setirler milli jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmak bilen möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem watansöýüjiligiň belent nusgasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda beýik işler durmuşa geçirilýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.