DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýol abat – il abat

Ýollar biziň gündelik durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz her gün işe, okuwa ýa-da çagalar bagyna gidenimizde, ýollary kesip geçýäris. Bu bolsa biziň hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegimiz bilen aýrylmaz baglydyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan nurana ýollarda asudalygyň, hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň gazanylmagynda pyýadalaryň we sürüjileriň sazlaşykly hereket etmegi möhümdir. Dürli görnüşli ulaglaryň artýan häzirki döwründe ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp geçirilýän çäreler halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde wajyp orna eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýollarymyzyň asudalygyny üpjün etmek barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.