DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dogry iýmitlenmek we sagdyn durmuş

Dogry we sagdyn iýmitlenmek adam saglygynyň esasy şertleriniň biridir. Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünleriniň biri hem çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara, çig-çarsy bişen naharlardan gaça durmaly.
Sagdyn iýmitlenmek üçin ýagsyz et, ter gök otlar, ýeralma, kelem, pomidor, sogan, bolgar burçy, banan, ýertudana, süýt önümleri, dorag, peýnir, sarymsak, käşir, kädi, limon, alma iýmek maslahat berilýär. Şu önümlerden nahar taýýarlanylanda gaýnadylyp ýa-da buglanyp taýýarlanmaly.
Her gün arassa howada gezelenç etmeli, sport bilen meşgullanmaly. Aç wagtyň ýiti ysly we tüssede kakadylan önümleri, süýji önümleri, limonly suw, kofe kabul etmekden, sakgyç çeýnemekden saklanmaly. Bu önümler adam bedeninde gereginden artyk ýag toplaýar. Ertirlik edinmek möhümdir. Ertirligiň düzüminde süýtli şüle, miwe, gök önümler, dorag, ýumurtga, ýagsyz et, gök otlar, çörek ýaly önümler bolmaly we lukman bilen maslahatlaşyp, derman ösümlikleri ulanmaly.
Agşamlyk naharyny ýatmazdan 2 sagat öň edinmeli. Gatyk, şüle, gök önümler, miweler bilen ýeňilräk garbanmaly. Agşamlyk naharyndan soňra sergin howada pyýada ýöremeli. Berhiz tutulyp we sport bilen meşgullanylyp başlamazdan öň, lukman bilen maslahatlaşmaly.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.