Şu günler taryhy döwrümiziň şanly ýylyny dabaralandyrmak hem-de ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň binýadyny berkitmek, maşgala mukaddesliklerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat maslahatlary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
«Maşgala mukaddesligi — öý-ojaklarymyzyň gelşigi» atly şygar astynda golaýda Boldumsaz hem-de Akdepe etraplarynyň medeniýet merkezlerinde geçirilen şeýle maslahatlar ýokary guramaçylyk häsiýetine eýe boldy. Maslahatlarda Mejlisiň zenan deputatlary, mährem eneler, RÝNÝ bölümleriniň başlyklary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary çykyş edip, maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň ýurdumyzda maşgala mukaddesligi bilen bagly wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde, maşgalada agzybirligi pugtalandyrmakda, ýaş maşgalalary goldamakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp, hemmeleriň bu babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagy ündew edildi. Gün tertibinde seredilen meseleler boýunça sowal-jogap alşyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.