DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we onuň ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz şäher häkimligi, welaýat, şäher halk maslahatlary, TDP-niň we TAP-nyň şäher komitetleri, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar. Maslahata bilim, medeniýet, saglyk, sport ulgamlarynyň, ykdysady toplumyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda şäher häkiminiň orunbasary Jennet Rejepowa, Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, TAP-nyň şäher komitetiniň hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa dagy çykyş edip, ýokary wekilçilikli edaranyň halkymyzyň we döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda nygtadylar. Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde öňde durýan wezipeleri çözmekde uly gymmaty bellenip, oňa häzirki wagtda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Çykyş edenler halkymyzy baky bagtyýarlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
                                                                                                                                                  ***
«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy» diýen şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlikde «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Şatlyk Gurbandurdyýew, Enejan Amanýazowa, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Ejebaý Akmädowa dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň demokratik kadalary pugtalandyrmakda uly orna eýedigini bellediler. Şöhratly pederlerimiziň nusgalyk ýoly häzirki täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Halkymyzyň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly döwletli ýörelgeleri öz gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Çykyşlarda bular barada giňişleýin gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi babatynda hem öňde durýan anyk wezipeleri kesgitleýär. Şonuň esasynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halka düşündirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem netijeli işleri alyp barýarlar. Bular barada nygtamak bilen, çykyş edenler halkyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.