DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini halk bähbidine gönükdirilip alnyp barylýan döwletli tutumlardan aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri geljegiň şäheri hökmünde ata Watanymyza şan getiren ajaýyp künjekleriň birine öwrüldi.
Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ajaýyp şäheriň açylmagy bilen bu behişdi künjekde bagtyýar durmuş başlandy. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny äleme ýaýan ajaýyp şäheriň gysga wagtda gurlup ulanmaga berilmegi bilen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher peýda boldy. Bu ýerde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen ajaýyp şäheriň häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýere amala aşyrýan iş saparlarynyň netijesinde şäheriň binagärlik keşbi has-da gözelleşýär.
Häzirki wagtda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen iri taslamalaryň birnäçesi alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda şanly ýylda gurluşygyna badalga berlen lukmançylyk klasterini bellemek möhümdir. Bu iri lukmançylyk kärhanasy ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigini aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýakynda şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamalary bilen tanyşdy. Ýeri gelende bellesek, ajaýyp şäherde bina edilýän her bir desganyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri giňden şöhlelendirilýär. Bu bolsa görkana binalaryň keşbini has-da gözelleşdirýär.
Açylandygyna bir ýyl bolandygyna garamazdan, Arkadag şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde halkara maslahatlary, kinofestiwallar, dürli duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ajaýyp şäherde Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlikde geçirildi.
Arkadag şäheri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamata atarylýan beýik işleriniň rowaçlanmasydyr. Şanly bir ýyllyk toýuň mübärek bolsun, bagtdan binýat bolan ak şäherimiz!

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.