DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Derde melhem şypahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym, lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de keselleriň öňüni almak wezipesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Bu babatda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän şypahanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar ynsan saglygyny dikeltmekde aýratyn orny eýeleýär.
Şeýle şypahanalaryň biri welaýatymyzdaky «Daşoguz» şypahanasydyr. Ol özüniň tebigy melhemlikleri, ajaýyp aýratynlyklary hem-de amatlyklary bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem bu ýere saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin gelýän raýatlarymyzyň sany barha artýar.
Şypahanada köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde innowasion usullaryň birnäçesi ulanylýar.
Bu ýerde ulanylýan tebigy ýod-bromly mineral suw 1250 metr töweregi çuňlukdan çogup çykýar, onuň gyzgynlygy 54 derejä deňdir.
Bu tebigy mineral suwuň bedeniň daýanç-hereket synalarynyň kesellerini (artroz, artrit, osteoartroz), bogunlaryň şikesden soňky artritini we artrozyny, nerw ulgamynyň (osteohondroz, radikulit, polineýropatiýa), peşew çykaryş agzalarynyň, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde ähmiýeti örän uludyr.
Şu günler «Daşoguz» şypahanasyna dynç almaga gelýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Şypahanada diňe öz welaýatymyzdan däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinden — Aşgabat şäherinden, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlaryndan gelýän raýatlarymyz hem öz saglyklaryny dikeldýärler.
Ýurdumyzda halkyň saglygyny dikeltmekde, goramakda we şypahana ulgamyny döwrebap ösdürmekde uly tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.