DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ygtybarly energiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowoltlyk Daşoguz elektrik bekediniň dabaraly ulanmaga berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.
Bu beket Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal — Balkan» we «Balkan — Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda kabul eden Kararynyň esasynda guruldy. Bu howa elektrik geçirijisiniň, bekediň gurluşygyny «Daşoguzenergogurluşyk», «Lebapenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzobagurluşyk», «Daşoguznebitgazgurluşyk» we başga-da ençeme döwlet hem-de hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýokary depginde alyp bardylar. Şonda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2022-nji ýylda welaýatymyza sapary mahalynda bu ugurda amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň we olara yzygiderli beren kömek-goldawlarynyň ýardamy örän uly boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda: «Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetiki halka birikdirmek arkaly içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belläp geçýär. Munuň özi bu taslamanyň ähmiýetiniň örän uludygyny subut edýär.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, şonuň ýaly-da, dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan önümçilik kärhanalarynyň, hyzmat ediş nokatlarynyň sanynyň yzygiderli köpelmegi bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şonda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamynyň hereket etmegi bu meseleleriň doly çözülmegine uly goşantdyr. Çünki ol halkymyzy elektrik energiýasy bilen öz wagtynda, üznüksiz üpjün etmegiň ygtybarly daýanjydyr. Ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak barada giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.