Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Iýun aýynyň toýlara beslenip gelen ilkinji günlerinde Daşoguz şäherinde 144 maşgala niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-siniň ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny goşalandyrýar.
Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň we Alp Arslan köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, döwrebap ýaşaýyş jaýlary otaglarynyň ýerleşişi taýdan amatly bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barandygyny uly buýsanç bilen bellemek möhümdir. «Derkar» hojalyk jemgyýeti hem-de «Ak bagt», «Nurly badalga» hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýuny tutan bagtyýar maşgalalaryň begenjiniň çägi ýok. Olar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden joşup çykýan alkyşlaryny uly buýsanç bilen beýan edýärler. Biz hem toýly günlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalara «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris. Goý, täze jaýlar rysgal-bereketli, toýly bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.