DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Watanymyzyň oba hojalygy ylmy esasda ösýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek hem-de beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň döwrebap, ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalyk pudagyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda zähmet çekýän alymlar we hünärmenler tarapyndan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşleri yzygiderli döredilýär.
Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylyp, olar oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde ygtybarly binýady emele getirýär.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň güwäsidir

 

 

Annalygyjow Berdigylyç
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak
kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji