DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň hem yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan tutumly işleri türkmen sportunyň dünýä çykmagyny, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde hem dünýädäki abraýyny pugtalandyrýar. Şu ýylyň aprel aýynyň 15 — 20-si aralygynda paýtagtymyzda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi, onda türgenlerimiziň gazanan ýeňşi ata Watanymyzyň sport abraýyny äleme ýaýdy. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşda gazanan ynamly ýeňşi berkarar döwletimizde türkmen sportunyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda bedenterbiýe we sport babatynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty halkara derejede belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş türgenlerimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan V Aziýa oýunlaryny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmekde uly tejribe toplap, halkara sport äleminde özüniň ornuny has-da pugtalandyrdy. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.