DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Harman barha beýgelýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile goşmagy maksat edinip, tamamlanyp barýan ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken welaýatymyzyň ezber ýüpekçi kärendeçileri şu günlerde ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap, kabul ediş bölümlerine tabşyrmagyň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, olaryň köp sanlysy özleriniň baglaşan şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden gelmek bilen, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky giň gerimli goldawlaryna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler.
Bu babatda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat ýüpekçileriniň gazanýan netijeleri has-da guwandyryjy. Munuň şeýledigini häzirki döwürde olaryň döwlet harmanyna gündelik goşýan pileleriniň mukdary hem doly tassyklaýar.
— Şu möwsümde tejribeli pileçilerimiziň 817-si iş alyp bardylar — diýip, paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminiň müdiri Röwşenaý Hojaýewa gürrüň berdi. — Şunlukda, olar 1315 guty ýaş gurçuklary gije-gündiziň dowamynda ýadawsyz idetmek bilen, irki möhletlerde diýseň saldamly pile hasylyny kemala getirdiler. Netijede, ony ýygnap almaklyga öz wagtynda girişilmegine şert döredildi. Häzirki günlerde bu işiň öndürijilikli alnyp barylmagy bilen pile harmanymyz barha beýgelýär.
Pile kabul ediş bölüminiň müdiriniň aýtmagyna görä, hojalyklarda pile taýýarlamakda has tapawutlanýan ýüpekçiler az däl. Olardan Ruslan Kurbanbaýew, Barna Urazmetowa we beýlekiler 100 kilogramdan geçirip pile tabşyrdylar. Ýakyn günlerde Umida Täjibaýewa, Eziza Ryzaýewa dagynyň bolsa 550 — 600 kilogram piläni harmana goşjakdyklaryna olaryň ýetişdiren hasyly berk ynam döredýär.
Bu ýerde bolanymyzda paýdarlar jemgyýetiniň öňdebaryjy ýüpekçileriniň biri Zeýnep Mätýakubowanyň öýünde ýetişdirilen pile hasylynyň ýygnalýan pursadyna gabat geldik. Şonda başarjaň ýüpekçi öz maşgala agzalary bilen şu möwsümde 2 guty ýaş gurçuklara ideg edendigini, özleriniň yhlasly zähmetiniň oňat netije berendigini, döwlet harmanyna goşjak pilesiniň 100 kilogramdan gowrak boljakdygyny aýtdy.
Görnüşi ýaly, paýdarlar jemgyýetiniň agzybir ýüpekçileri ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap, kabul ediş bölümine getirmekligi guramaçylykly alyp barýarlar. Olar şu möwsümde meýilnama boýunça 48 tonna ak piläni Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Şu günler gazanylan netijeler bellenen sepgide abraý bilen ýetiljekdigini görkezýär.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.