DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Algyn pendim, jigerbendim

Belent maksat — ýagty geljek
Halkymyzda «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýen nakyl bar. Ynsan ömri belent maksatlardan ybarat. Durmuşda maksatly ýaşamak adamy ýagty geljege atarýar. Maksatsyz ýaşaýşyň manysy ýokdur. Çünki maksat bizi arzuwlarymyza ýetirýär. Danalaryň aýdyşy ýaly, öňüňde näçe belent maksat goýsaň, Beýik Biribar saňa şol maksadyňa ýetmäge çenli güýç-kuwwat berer eken.
Öňüňde maksat goýanyňda hemişe ünsüň maksadyňda jemlenmegi möhümdir. Ownuk aladalar ünsüňi başga tarapa sowmaly däldir. Çünki öňde goýan maksadyňa ymtylmak, oňa nazaryňy dikmek üstünlige ýetmegiň hem-de maksadyňa gowuşmagyň ygtybarly ýoludyr.
Taryhda beýik döwlet guran türkmen soltany Mahmyt Gaznalydan: «Bu üznüksiz üstünlikleriň syry nämede? Älem döräli bäri Isgenderden soňra, beýle mertebä Sizden başga eýe bolan hiç kimse ýok» diýip sorapdyrlar. Şonda ol: «Munuň üýtgeşik syry ýok. Öňümde aýdyň maksat goýanymdan soňra, men hemişe iki zada pugta eýerýärin. Birinjisi, hiç haçan biderek işleri etmeýärin we başlan işimi taşlamaýaryn. Bir başladymmy, soňuna çenli ýerine ýetirýärin. Ikinjisi, ähli ýerde, ähli halatda aýdýan sözüm bilen edýän amalymyň deň çykmagy üçin yhlas edýärin. Erjellik, tutanýerlilik we dogruçyllyk üstünligiň kepilidir. Şulara yzygiderli eýeren islendik adam üstünlikden binesip galmaz» diýip, jogap beripdir.
Durmuşda öňüňde anyk we beýik maksat goýup ýaşamak gerek. Kalbyň bilen maksadyňa ýetjekdigiňe bolan ynam hemişe seni ýagşy işlere, haýyrly ýollara elter. Çagalykdan kalbyňda beýik maksat goýup, oňa ýetmäge ymtylmak arzuwyňa ýetirýär. Maksadyňa ýetmäge ynamyň bolsa, onda hökman niýetiňe gowşarsyň. Ýagşy niýet, ýagşy maksat gözel durmuşy döredýär. Halkymyzda «Päliň — ýoldaşyň» diýlişi ýaly, her kimiň maksady, päli-niýeti hemişelik ýoldaşydyr.
Dünýäniň gözelligi tebigatda, durmuşyň gözelligi bolsa arzuwlarda jemlenendir. Her kimiň kalbyndaky ýagşy niýeti, arzuwlary durmuşynyň gözelleşmegine gönükdirilendir. Öz durmuşyňy gözelleşdirmek beýleki adamlaryň hem ykbalyny gözelleşdirmekdir.
Pähim-paýhasa baý eserleri miras goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Atamyň» atly goşgusynda:

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan —

diýip bellemek bilen, çyn yhlasyň maksadyňa ýetirýändigini ündeýär.
Ýazyjy Jorj Bernard Şou: «Mende beýik maksatlara ýetmek hakda güýçli isleg barka, dowam edýärkä, mende ýaşamak üçin sebäp bar» diýip belleýär. Çünki maksat ýaşamagyň esasy sebäbi. Durmuşda biziň her birimizde uzakmöhletleýin arzuw-maksatlaryň uly bir toplumy bolmaly. Olar öz içinde birnäçe tapgyrlara, böleklere bölünmeli. Tutuş ömrüňi öz içine alýan maksat arzuwlaryň iň ajaýyby, iň beýigidir. Belent maksat ýagty geljegiň kepilidir.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.