DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dil bilmek — hazyna

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlarynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdeplerdir bilim merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýaşlarymyzyň dil başarnyklaryny ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň kämilleşmegi, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmekleri, daşary ýurt dillerinde gepleşip, pikir alşyp bilmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Bu işler çagalaryň ösüşine, kabul edijilik ukybyna görä, çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde, bilim merkezlerinde, ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Iňlis, rus, nemes, fransuz, arap-pars, hytaý-ýapon, italýan, ispan dilleriniň hem öwredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.
Ata Watanymyzda ýaş nesliň halkara derejede mynasyp bilim almaklary, ýurtlaryň arasynda medeni, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini kämilleşdirmek babatda derwaýys işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen il bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara
beslensin!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.