DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere beslenýär. Ýurdumyzda her bir ynsanyň halal zähmet çekmegi, kesbinden kemal tapyp, ata Watanymyzyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşmagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. «Halka hyzmat edýän ynsan Haka ýakyn» diýen hikmetli söze sygynýan halkymyz kesbi-kärine ikilik etmeýän ynsanlara uly hormat goýýar.
Halkymyzda «Işleseň il tanar» diýen pähim bar. Şeýle ynsanlaryň biri hem welaýat köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa we ortopediýa bölüminiň müdiri Şöhrat Jumadurdyýewdir. Ol heniz ýaşdygyna garamazdan, il içinde eli ýeňil lukman hökmünde tanalýar.
«Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýlişi ýaly, çagalykdan lukman bolmak arzuwy ony Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine getirýär. Şöhrat talyp döwründe irginsiz ylmy edebiýatlary öwrenmek arkaly öz bilimini has kämilleşdirýär. Ynsan saglygyny goramak ýaly asylly käriň eýesi bolan Şöhrat Jumadurdyýew, zähmet ýoluna gadam basanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, näsaglaryň daýanç-hereket ediş synalarynda çylşyrymly operasiýalary üstünlikli geçirmegi başarýar. Ol «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ulgamyň işini ösdürmek we saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini artdyrmak maksady bilen guralan okuw-tejribelikleriň çäklerinde daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezlerinde ençeme gezek bolup, hünär kämilligini has-da artdyrdy.
Täze taryhy döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny halkara ülňülere laýyklykda ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler ýaş lukmany öz asylly kärine has yhlasly çemeleşmäge ruhlandyrýar. Ol her gezek öz iş ýerine, ýagny hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasynyň döwrebap binasyna gadam basanda döwrümiziň ajaýyplyklaryna bolan buýsanjy göwnüni joşdurýar. Hassahananyň kämil lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy döwrebap kesel bejeriş amallaryny ýerine ýetirmäge şert döredýär. Ýaş lukmanyň gözegçiliginde näsaglaryň daýanç we hereket ediş synalarynda dürli döwrebap amallar ýerine ýetirilýär. Hatda dyz bogunlarynda endoprotez operasiýasynyň bir adamyň iki dyzynda hem şowly geçirilmegi Şöhradyň kesp-kär babatda barha kämilleşýändiginden habar berýär. Häzirki wagtda ýaş lukman ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkyň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna mynasyp goşant goşmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi durmuş ýörelgesine öwrüp, özüniň halal zähmeti bilen il içinde adygýar.
Lukman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!» diýen ajaýyp jümlelerindäki beýik ynama mynasyp ýaşlaryň kemala gelýändigine täze taryhy döwürde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça gazanýan zähmet üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.