DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Türkmen halysy

Haly Türkmenislanda iň meşhur geçginli haryt hasap edilýär, ol adamlary birleşdirýär, ysnyşmak, umumylyk wc hyzmatdaşlyk duýgusyny ösdürýär. Türkmen halysy öz gözbaşyny mähriban topragymyzdan alyp gaýdýar - onuñ üstünde bitýän ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň ýüňündcn dokalýar, goýun ýüňleri şu toprakda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar we hala çitilýär. Türkmen halysyndaky keşdeler hem ekin meýdanlary, gülleri, haýwanlary, çaýlary, derýalary, şeýle hem Güni, Aýy we ýyldyzlaryň şekilleri bilen tebigaty şöhlelendirýär. Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşeklik üçin döredilen bolmaly. Haly ýokarky görkezilen şertlerden goranmak üçin örän gowy oýlanylyp tapylan serişdedir, şeýle hem olary bir ýerden başga ýere alyp gitmek üçin epläp ýygnamakda örän amatly bolupdyr. Bu bolsa derisini almak üçin gymmatly mallary soýmagyň zerurlygyny aradan aýrandygyny, şol bir waglda olardan ýylyň-ýylyna ýüň alnandygyny aňladýar. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Onuň ortarasynda ýylyň dört paslyny we ýaşaýşyň möwrillerini aňladyp, ony dört bölege bölýan çäk bolupdyr. Bu hili halylarda Mekge tarapy görkezýän «mihrab» - metjitlerdäki arka görnüşli tagça şekillendirilipdir, ol bu ýerde gapynyň bardygynyda aňladypdyr. Türkmenler her gün halydan dokalan namazlykda namaz okaýar, aradan çykan adamyň üsti hem haly bilen örtülýär. Adamlar halynyň üstünde oturyp naharlanýarlar, ýatýarlar, atlaryny, düýelerini daşarky täsirlerden goramak maksady bilen, haly bilen örlýärler. Türkmen hojalykdaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol tiräniň we maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Haly torbalar dürli hili öý goşlaryny, şahsy zallary saklamaga niýetlenilýär.

 

Nepesowa Enar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby