DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýüpek gurçugy

Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça taýýarlyk görülýär.
Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýyşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigy seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi. Ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar.
Temperatura. Ýüpek gurçugynyň bedenindäki madda çalşygy üçin kesgitli temperatura zerurdyr. Organiki maddalaryň, esasan hem bedeniň dokumalaryndaky süýjüniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir. Okislenme ýagdaýy näçe güýçli bolsa, şonça – da ýylylyk emele gelýär. Ýylylygyň daşky çeşmesi barada aýdylanda bolsa – ol Gün şöhlesidir, onuň ýetirýän täsiri bolsa ikinji derejededir.
Ýüpek gurçuklarynyň tohumyny tomus möwsüminde saklamagyň iň amatly ýagdaýy 24-25 gradus aralygydyr. Gurçuga öwrülme bolsa 10 gradusda bolup geçýär.
Çyglylyk. Ýüpek gurçugynyň kadaly ösüşi üçin çyglylyk hem zerurdyr. Temperatura näçe aşak düşse howanyň çyglylygy ýokarlanýar.
Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişi. Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişinde iýmit meýdanynyň ölçegi onuň ösüşine we kadaly iýmitlenişine uly täsir edýär. Ol meýdanyň kiçi bolmagy gurçuga az iým ýetmegine getirýär, berlen iým bolsa nejasatlar arkaly hapalanýar. Gurçuklaryň gür ýagdaýda ýerleşmegi bir-birine zeper ýetirip biler, olaryň aýaklaryndaky dyrnajyklar bilen biri-birini ýaralap bilerler. Bu bolsa olaryň ganynyň hapalanmagyna getirmegi mümkin. Öňdebaryjy ýüpekçiler iým berilýän meýdany 70-80 inedördül meýdana çenli ulaltmak bilen, 80-90 kg. çenli hasyl alýarlar.

  

Öwezowa Aýlar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby