DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrundaky işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şonuň netijesinde, şu günlerde idegi ýetirilýän bugdaý düýpleri günsaýyn boý alyp, atyz-meýdanlara bezeg berýär.
Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl 695 gektar meýdanda bu ugurda iş alyp barýarlar. Şeýlelikde, birleşik boýunça gallaçylykda zähmet çekýän 313 kärendeçiniň haýsy birine berkidilen meýdanda ýaşyl öwsüp, köpüň ünsüni çekip oturan bugdaý düýplerini synlasaň hem edilýän yhlasyň ýerine düşýändigini görmek bolýar.
Daýhan birleşiginiň baş agronomy Agamyrat Garlyýewiň aýtmagyna görä, bu meýdanlarda bugdaý ekişi geçen ýylyň güýzüniň iň amatly günlerinde, ýokary taýýarlykly, ähli derwaýys şertleriň üpjün edilen ýagdaýynda geçirilipdir. Şoňa görä-de, olarda gögeriş hem, ýaş maýsalaryň gyşdan öňki ösüşi-de talabalaýyk bolupdyr.
Gürrüňdeşimiziň nygtaýşy ýaly, ondan bäri geçen wagtyň dowamynda bugdaý ýerli hem-de mineral dökünler bilen birnäçe gezek iýmitlendirilipdir, olara ösüş suwlary berlipdir. Bu çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli berjaý etmekde gallaçy kärendeçileriň aglabasy örän oňat görelde görkezipdirler.
Ýeri gelende, ene topraga şeýle yhlasly hyzmat edip, ondan ýylyň-ýylyna saldamly hasyl almagy başarýan ezber kärendeçileriň käbiriniň atlaryny agzamak ýerlikli bolar. Olardan Mekan Ataýewiň 14,5, Gülşirin Boluşowanyň 10,7, Toýly Mämmedowyň 7,5, Amanbibi Annaýewiň 6 gektardan ybarat kärende meýdanlarynda bugdaýlara ideg işlerini has-da ýokary derejede guraýandyklary bellenilmäge mynasypdyr.
— Bugdaýa öz wagtynda dökün bermekde Şyhbaý Otuzow, Arslan Satlykow, Täzebaý Toýow ýaly mehanizatorlarymyz kärendeçi daýhanlarymyza uly kömek etdiler — diýip, baş agronom nygtady: — Häzirki wagtda bolsa bugdaýa ýene bir gezek ösüş suwuny berýäris. Şonda suw göteriji enjamlaryň güýjünden hem peýdalanýarys. Olara gözegçilik etmekde Serdar Kakyşow, Aýmyrat Toýlyýew dagy gaýratly zähmet çekýärler. Bu bolsa suwuň bellenilen ýerlere bökdençsiz ýetirilmegine düýpli ýardam berýär.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri häzirki günleriň her bir pursatyndan ýerlikli peýdalanyp, bugdaýyň idegini ýetirýärler. Bu bolsa olaryň şu ýyl hem öz üstünlikleri bilen guwandyrjakdyklarynyň nyşanydyr.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.