DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Rowaýata öwrülen geçmiş

«Has gadymy zamanlarda bu ýerde kuwwatly gala hem-de şäher bolup, oňa Jemal atly zenan maşgala (rowaýatyň beýleki bir nusgasynda Seýit Jemal atly erkek kişi) hökümdarlyk edipdir. Ol hökümdar örän pähimli hem-de adalatly eken. Gala diwarynyň düýbünde, metjidiň häzirki duran ýerinde jaňjagaz asylgy bag ösüp oturanmyş. Möhümi bolan her bir ötegçi şol agajy yralap bilýärmiş. Jaňyň sesini eşiden hökümdaryň nökerleri derrew gelipdirler hem-de mätäje kömek edipdirler.
Bir gezek şäheriň ilaty görlüp-eşidilmedik güýç bilen ýaňlanýan jaň sesinden tebil tapýarlar. Gelip görseler, agajy yralaýan bir äpet uly aždarha diýýär. Ol arlapdyr, towlanypdyr, ýöne adamlara zyýan ýetirmändir. Onuň nämedir bir zady düşündirjek bolýany, ejir çekýänligi mälim, ýöne hiç kim düşünmändir. Şa zenan Jemal onuň ýanyna gelýär, aždarha birden-ä dag tarapy, birden hem mähelläniň içinde duran iki sany elleri paltaly hem byçgyly agaç ussalaryny görkezýär. Şonda şa zenan iki ussa aždarhanyň yzyna düşüp gitmegi tabşyrýar. Olar hem gorka-gorka daga tarap eňip barýan aždarhanyň yzy bilen gidýärler. Aždarha jülgäniň içi bilen süýnüp barýar, Köpetdagyň gaýalary biri-birinden kert bolup, çykmak barha kynlaşýar. Ahyrynda ussalar başga bir aždarhanyň üstünden gelýärler. Ol şu aždarhanyň aýaly bolup, özi-de ölüm ýassygynda ýatyr. Ol dag goçuny diriligine ýuwudypdyr, onuň şahy bolsa, aždarhanyň bokurdagyna dürtülipdir. Aždarha ony ne bir ýuwudyp bilýär, ne-de yzyna gaýtaryp. Demliginden tutup, halys janyny alyp barýar diýýär. Iki sany batyr ussa onuň äpet agzyna girip, biri goçuň şahyny kesýär, beýlekisi läşini bölekleýär. Aždarha goçuň läşini çykaryp, tämiz howadan dem alýar. Ussalary alyp gelen birinji aždarha begenip, olary dagyň baýlykdan doldurylan gowagyna alyp gidýär. Gowakdaky baýlykdan geregini almagy yşarat bilen düşündirýär. Baýlykdan ýüküni tutan ussalar öýlerine dolanýarlar, özleri barada alada galan ildeşlerini begendirýärler.
Ertesi güni şäher ilaty zarply jaň sesine oýanýarlar. Şa zenan bilen bile ähli şäher ilaty çykyp görseler, indi aždarhalar iki bolup gelipdirler. Arkalaryna altyn, gymmat bahaly daşlary ýükläpdirler. Alyp gelen ähli baýlyklaryny olar şa zenanyň aýagujunda goýup, özleri daga ýönelýärler. Ýöne welin, şa zenan bu baýlyklary hazynasyna goşmandyr. Ol baýlyklary ullakan, deňsiz-taýsyz owadan metjidiň gurulmagyna harçlamagy buýurýar. Şol binanyň girelgesiniň agzynda bolsa, baýlygy sowgat beren şol iki aždarhanyň suratyny çekmegi tabşyrypdyr».
Hormatly Prezidentimiziň
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.