DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Halyçy zenanlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde guramaklarynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, ussat keşdeçi Ogulabat ejemiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halypa halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, çeper halyçylyk kärhanalarynda, öýde we dürli ugurda zähmet çekýän çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly bäsleşik geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda geçirilen bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, halyçy zenanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gyz-gelinler üçin görelde mekdebine öwrülen Türkmenistanyň at gazanan halypa halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, haly we haly önümleriniň sergisini guramak bilen, öz saýlap alan hünäriniň häzirki nesillere gelip ýetişi barada, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplary bilen baglanyşdyryp, milli ruhy gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, ajaýyp halylarymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda çeper sözler bilen wasp etdiler. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Janly rowaýat» atly kitabyna salgylanyp, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada şahyrana çeper sözler bilen gürrüň berdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde 1-nji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Güljemal Nurjanowa, etrap bilim bölüminiň hasapçysy Tumar Kiçibalowa, 2-nji orna Şabat etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň mugallymlary Selbi Annamyradowa, Bagtygül Atajanowa, 3-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Selbi Pirjanowa, etrabyň Gyzyljagala geňeşliginiň Kirşenoý oba medeniýet öýüniň tans mugallymy Altynjemal Pudakowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň, owadan tanslarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy şatlykly pursatlara joşgun eçildi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.