DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gowaça ekişi öndürijilikli barýar

Oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm bolan gowaça ekişi Köneürgenç etrabynda hem üstünlikli dowam edýär. Etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1275 gektar ýerde ekiş geçirip, «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy maksat edinýärler. Irki ekişiň ýokary hasyl almagyň gözbaşy bolup durýandygyna oňat düşünýän ýer eýeleri bu jogapkärçilikli möwsümi gysga möhletde amala aşyrmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Daýhan birleşiginde kärendeçiler toparynyň 15-si bolup, häzirki wagtda Dowul Dolanowyň ýolbaşçylygyndaky 9-njy hem-de Gurbangeldi Arazowyň baştutanlygyndaky 10-njy kärendeçiler toparlarynda gowaça ekişi has ýokary depginde dowam edýär. Pagtaçy kärendeçileriň arasynda Döwlet Mamalakow, Mährijemal Artykowa, Tirkeş Arazow, Ýagmyr Ýagmyrow ýaly toprak bilen iş salyşmakda tejribesi ýetik, gowaçadan bereketli hasyl almakda köplere görelde görkezýän guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Ekişe taýýar edilen ýerleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyk sürmekde, ekiş geçirmekde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary Şyhmyrat Myradow, Baýramgeldi Halbaýew, Baýram Geldiýew, Hydyr Gulamow dagy aýratyn gaýratlylyk görkezýärler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.