DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Mineral dökünleriň ähmiýeti

Mineral dökünler – dürli mineral duzlar görnüşinde ýokumly maddalaryň hasabyna ösümlikleri iýmitlendirmegi gowulandýarýan hem-de topragyň hasyllylygyny artdyrýan serişdedir, olar öz düzümi boýunça bir ýokumly maddany özünde jemleýän (azot, fosfor, kaliý, mis we beýlekiler) ýönekeý hem-de öz düzüminde iki hem-de ondan köp ýokumly maddalary jemleýän toplumly görnüşlere bölünýär, olar taýýarlaýyş tehnologiýasy babatynda çylşyrymly, çylşyrymly – garyşyk we garyşyk görnüşlerinde bolýar. Mundan başga-da mineral dökünleri ýokumly madlalaryň mukdar düzümi boýunça tapawutlandyrylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bu ugurda ýylyň-ýylyna önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýar. Konserniň kärhanalary tarapyndan içerki bazar üçin hem, daşarky bazar üçin hem önümleri öndürýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öndürýän önümleri karbamid, hlorly kaliý, ammiak selitrasy, ammoniý superfosfaty we meliorant.
Türkmenistanyň toprak-howa sertlerinde organiki we mineral dökünleri ulanmazdan beýleki ýaşaýyş şertleri bilen doly üpjün edilende däneli ekinlerden we gowaçadan 10-15s/ga, gök we bakja ekinlerinden 50-70 s/ga, siloslyk mekgejöwenden 80-100 s/ga çenli hasyl almak bolýar. Oba hojalyk ekinlerine dökünleriñ zerur bolan mukdary we olaryñ biri-birine bolan gatnasygy talaba laýyk ulanylanda dänelik ekinlerden we gowaçadan 30-40 s/ga, gök we bakja ekinlerden 4000-500 s/ga, siloslyk mekgejöwenden 500-600 s/ga we ondan hem bolýandygyny ylmy maglumatlar we ýurdumyzyñ önde baryjy tejribeli ekerançylary uzak ýyllaryñ dowamynda subut edip gelýärler.
Ulanylýan dökünleriń täsrinde oba hojalyk ekinleriniń dińe bir hasyly artman eýsem däneli we kösükli ekinlerde beloklaryń, kartoşkada krahmalyń, gant şugundyrynda, miweli agaçlarda we bakja ekinlerinde gandyń, gök ekinlerde ýokumly maddalaryń we witaminleriń, ýag saklaýan ekinlerde ýaglaryń, dermanlyk ekinlerde alkoloidleriń, dürli dermanlyk maddalaryń, gowaçada pagtanyń süýüm çykymynyń we ýagyń mukdarynyń artýandygy we hiliniń gowulanýandygy hünärmenlere mälimdir. Oba hojalyk ekinlerinde dökünleriñ ullanmagynyñ ýokary netijeliligi öñi bilen olaryñ dökülmeli mukdarynyñ we dürli dökünleriñ mukdar gatnasygynyñ dogry kesgitlenmegine baglydyr. Dökünleriñ mukdaryny dogry kesgitlemek üçin oba hojalyk ekinleriniń her biriniń biologiki aýratynlyklarynyń, olardan garaşylýan hasylyń meýilnamalaşdyrylan möçberini, ekinleriń toprakdan we dökünlerden iýmit maddalaryny özleşdiriş derejesini hem-de topragyń agrohimiki häsiýetlerini göz öńünde tutmaly. Bu meselede dökünler talaba laýyk daşamagyń we saklamagyñ hem möhümdigini ünsden düşürmeli däldir. Mineral dökünler. Ekerançylykda giňden ulanylýan mineral dökünleri dökün zawodlarynda öndürýärler. Olaryň düzüminde ösümlikler üçin zerur bolan mineral görnüşdäki iýmit elementlerini saklaýarlar. Olardan has giňden ulanylýanlaryna N(azot), P(fosfor), we K(kaliý) dökünleri degişlidir.

 

Italmazow Atajan
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby