DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şat dünýäniň saýrak bilbilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň aýdym-saza, medeniýete we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Indi birnäçe ýyl bäri halkymyzyň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş zehinleriň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi hem körpe nesilleriň arasyndan ençeme zehinleri ýüze çykardy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, röwşen geljegini gurmak ugrunda amala aşyrylýan belent maksatly tutumlar körpe zehinleri has-da joşdurýar.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilip, oňa zehinli çagalar işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň çykyşlarynda bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini joşgunly wasp etdiler. Kalba joşgun eçilýän çykyşlaryň dowamynda nusgawy aýdym-saz eserleriniň bagtyýar körpeler tarapyndan döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy. Dürli dillerde ýaňlanan aýdymlarda dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy belentden ýaňlandy. Çagalar tans toparlarynyň taýýarlan joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Biri-birinden höwesli, biri-birinden erjel ýaşajyk zehinleriň çykyşlaryna eminler topary tarapyndan degişli baha berildi. Şunda çagalaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna seredildi. Joşgunly bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Biz bagtyýar nesiller» atly jemleýji aýdym Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerine bolan buýsanç bolup ýaňlandy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.