DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ähli döwürleriň şahyry

Dünýäniň beýik şahyry we akyldary, nusgawy edebiýatymyzyň hem-de edebi dilimiziň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy tutuş türkmen halkynyň ruhy şamçyragydyr. Onuň döredijiliginde agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk we watansöýüjilik ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär. Bu hem şahyry adamzadyň ruhy dünýäsine ýakynlaşdyrýar, onuň döredijiligini adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna dahylly edýär. Hut şol sebäpden hem, şahyryň döredijilik mirasy çäksiz gymmata eýe bolup, häzirki güne çenli düýpli öwrenilýär. Şahyryň dürdäne şygyrlary okyjylaryň kalbynda belent duýgulary oýaryp, olary ýagşy işlere, ýagty geljege sary alyp barýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň sözi döwrüň sesi ýaly belentde ýaňlanyp, adamlaryň kalbyna ornady.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Ägirt uly filosofiýany özünde jemleýän bu ajaýyp goşgy Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy göwnümize bagtyýarlyk nuruny çaýdy. Ýurdumyzda söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir. Akyldar şahyryň döredijiligini wasp etmek, dünýä ýaýmak mukaddes işleriň biridir. Bu gün türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ähli meselelerini, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge çuňňur hem-de milli nukdaýnazardan çemeleşilýär.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar.
Alym Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.
Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejede bellenilip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolsa 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterilendiginiň aýdyň güwäsidir.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.