DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sport bagtyýarlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda welaýatymyzdaky orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sport bäsleşigi geçirildi.
Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda geçirilen bäsleşigiň dowamynda okuwçy gyzlar özleriniň çalasynlygyny, zehinini hem-de sporta bolan höwesini doly açyp görkezdiler. Welaýatymyzyň etraplaryndan we Daşoguz şäherinden ýaryşa gatnaşan okuwçy gyzlar toparlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda çykyş edip, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Ýatda galyjy pursatlara beslenen ýaryşyň netijeleri boýunça 1-nji orna Şabat etrabynyň okuwçy gyzlar topary, 2-nji orna Ruhubelent etrabynyň, 3-nji orna Akdepe etrabynyň okuwçy gyzlar topary mynasyp bolup, olara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.