DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Golaýda TZB-niň Görogly etrap bölüminiň guramagynda zenanlaryň arasynda maşgala gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, ahlak arassalygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi ündemek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Etrap medeniýet merkezinde, etrapdaky 50-nji, 65-nji, 21-nji orta mekdeplerde, Magtymguly adyndaky hem-de Türkmenýoly geňeşlikleriniň oba medeniýet öýlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde, işjeň häsiýetde geçirilen maslahatlarda zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, RÝNÝ bölüminiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, oňa zenanlaryň öz orunlarynda goşýan mynasyp goşantlary, nesil terbiýelemekdäki hyzmatlary, maşgala gymmatlygyny gorap saklamakdaky göreldeleri we bu babatda olara uly ynamyň bildirilýändigi dogrusynda nygtalyp geçildi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.