DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Eli işliniň rysgaly güýçli

Häzirki döwrümizde gadymdan galan milli nusgalarymyza berilýän üns barha artýar we olar içgin öwrenilýär. Milli nusgalarymyz milli medeniýetimiziň kökleri bolup, her bir türkmen maşgalasynda ýaşaýyş-durmuş üçin zerur zatlaryň köpüsi el işleri bilen amala aşyrylypdyr. Türkmen maşgalasy, türkmen ojagy diýlende, öýüň törüni bezeýän türkmen haly-palasyndan, keçesinden başlap, tä çaýhaltasyna çenli sünnälenip, aýratyn yhlas bilen bezeg berlip taýýarlanylan öý goşlary göz öňünde janlanýar. Bu ajaýyplyklar uz barmakly çeper ellerden dörän nepislikler bolup, türkmen zenanlarynyň kalbynyň aýnasy, ýüzüniň tuwagy hasaplanýar. Bu gaýtalanmaýan milli nusgalarymyz ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň yhlas-söýgüsinden, ýürek arzuwyndan, erjelliginden kemala gelipdir. Ussatlygy talap edýän bu iş örän çeperçilik bilen ýerine ýetirilýär. Sünnälenip edilen haýsydyr bir iş görlende hem «Edil keşde çekilen ýaly» diýilýär. Şeýle-de bu müdimi senedi ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Türkmen zenany ata-babalarymyzyň mizemez ynanjyna öwrülen, ak öýleriň ýaraşygy bolan her bir esbaby tikende, dokanda, milli aýratynlyklar bilen bezemeklige ähmiýet berýär.
Irki döwürlerde ene-mamalarymyz ýetişen gyza baha berenlerinde özüni alyp barşyndan soň, el işini synlaýan ekenler. Keşdäni has sünnälik bilen çekýän gyzlaryň abraýy ýokary bolupdyr. Halk döredijiliginde hem zenanlar gözelligi bilen bir hatarda, «Elinden dür dökülýär» ýa-da «Eli işliniň rysgaly güýçli» diýlip wasp edilýär. Sebäbi bar güýjüni, yhlasyny jemläp, ezberlik bilen bu inçe senediň hötdesinden gelip bilýän gyzyň geljekde maşgala bolanda hem, islendik işi başaryp biljekdigi kesgitlenipdir. Çünki keşde çekmek ussatlygy, kanagatlylygy talap edýär.
Çagany ilki nämä imrindirseň, şoňa gümra bolup, tutuş tebigaty bilen şoňa berilýär-de, başga zerur hasaplanmaýan pişelere ýüz urmaýar. Çaganyň zähmet terbiýesi ýiti zehini, durmuş tejribesini talap edýän beýik iş hasaplanýar. Çaganyň ynjyk göwnüni ýykman, dogry ýola ugrukdyrmak, geljekki durmuşa taýýarlamak üçin aýratyn üns gerek. Çaga berlen terbiýe bilen maşgalanyň ýagdaýyny duýmak bolýar. Maşgalada zenanlar öýde ulanylýan goşlary rejeläp, tertibe salmak bilen bir hatarda, özüniň we çagajyklarynyň eşiklerini, tahýadyr ýakalary keşdeläp bezäpdirler. Olar tebigaty synlamak bilen, gözel ýerleri nagşa geçirip bilipdirler, dürli nagyşlary, reňkleri sazlaşykly ulanmagy başarypdyrlar. Maşgalada gyz çagajyk öz käbesinden nusga alýar. Ajaýyp we nepis sungat bilen meşgullanýan ene bolsa öz mähriban gyzyna inçe senediň her bir syryny höwes bilen öwredýär.
Maşgala hysyrdylaryndan ýüki ýetik bolan başarjaň, ezber elli zenanlarymyzyň çeperçilikde gazanýan netijeleri «El hünäri il gezer» diýen pähimiň manysyna görä, häzirki döwrümizde has belentliklere galýar. Olaryň yhlasy bilen bu beýik çeper sungat barha kämilleşýär. Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine, kämilleşdirilmegine we dünýä derejesine çykmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli işleri rowaç bolsun!

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.