DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Boksçularyň bäsleşigi

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan sportuň boks görnüşi boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 13 agram derejesi boýunça 100-e golaý ýaş türgen gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edýän tagallalaryna üstünlik gazanmak bilen jogap bermekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlap-seçip almakdan, boksy ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde biziň ildeşlerimiz hem oňat netije gazandylar. Öz agram derejeleri boýunça Samandar Haýtbaýew, Mekan Durdyýew, Kerim Rahmanberdiýew 1-nji orna, Nurmyrat Saparow, Daýanç Durdynepesow bolsa 2-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.