DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda badalga berlen gowaça ekişiniň depgini barha güýçlenýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri hem şu ýyl 7300 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirip, bu işi agrotehniki kadalara laýyklykda gyzgalaňly alyp barýarlar.
Paýdarlar jemgyýetiniň baş agronomy Ikram Kadyrowyň aýtmagyna görä, gowaça ekişi hojalygyň Was, Aşyk Aýdyň düzlüklerindäki ýerlerinde ýokary depgine eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa bu çäre onuň oba arasyndaky ýerlerinde hem günsaýyn gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Munuň bu ýerde gowaça ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmeginiň netijesidigini bellemek zerurdyr.
Belli bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýetinde ýer sürüminde, tekizlemesinde täze tehnologiýaly, kuwwatly tehnikalaryň ulanylyşy ýaly, gowaça ekişinde hem olara uly orun berilýär. Has anygy, bu ýerde tohumy takyk taşlaýan gowaça ekijileriň 15 sanysy bolup, olaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar. Olaryň Ylham Rozbaýew, Zakir Möwlamow, Alymbaý Taňrybergenow, Aýbek Gulmanow, Ahmet Ýoldaşow daga we başga-da onlarça ökde mehanizatorlara berkidilmegi hem işde uly öňegidişligiň gazanylmagyna düýpli täsirini ýetirýär.
Hojalykda öz kärende ýerlerini irki möhletlerde gowaça ekişini geçirmäge doly taýýar eden kärendeçi daýhanlar örän köp. Olaryň hatarynda Altyn Goçkarowanyň, Eziza Töräýewanyň, Ikram Nurmetowyň, Jemile Mätgurbanowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak mümkin. Ýeri gelende bellesek, bu kärendeçiler geçen ýyllarda-da özleriniň gözegçilik edýän meýdanlaryndan örän ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldiler.
Baş agronomyň nygtaýşy ýaly, hojalygyň kärendeçileriniň ýerden bol hasyl öndürmekleriniň esasy sebäbi olaryň ýeriň sürümine, tekizlenilişine, suwdan gandyrylyşyna, gurplandyrylyşyna aýratyn üns bermeginden gelip çykýar. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilen meýdanlarynyň gyrasynda goşmaça ders döküniniň uly üýşmekleri muňa ýene bir mysaldyr. Gürrüňdeşimiz olaryň bir böleginiň ekişden öň, galanynyň bolsa ösüş suwy bilen bilelikde meýdanlara beriljekdigini aýdýar.
Bize bu ýerde bolanymyzda, paýdarlar jemgyýetiniň Kudrat Ýusupow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Gülüstan» kärendeçiler toparynda gowaça ekişiniň barşy bilen tanyşmak miýesser etdi. Şonda Kudrat öz toparynda 200 gektar gowaça meýdanynyň bardygyny, onuň esasy böleginiň birkemsiz taba gelendigini gürrüň berdi. Onuň belleýşi ýaly, toparyň agzalary ene topraga hyzmat etmegiň ýol-ýodasyny pugta ele alan, öz jogapkärçiligine oňat düşünýän adamlar. Şonuň üçin olara her bir işde berk ynam döreýär.
— Meniň 2,3 gektar kärende ýerim bar — diýip, şu toparyň agzasy Yhlas Sabyrow aýtdy: — Nesip bolsa, şu gün gowaça ekişini tamamlarys. Bu işde mehanizatorlarymyzyň goldawy uly. Sebäbi olar ekişi ýokary hilli geçirmäge jan edýärler. Bu hem biziň soňra ähli ideg çärelerini göwnejaý geçirip, bereketli hasyly ýetişdirmegimize şert döredýär.
Görnüşi ýaly, diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem ýurdumyzda öz üstünlikleri bilen giňden tanalýan bu paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekişiniň depgini gün geldigiçe, belki-de, sagatsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa onuň şan-şöhratly ýylymyzda has-da belent sepgitlere ýetmeginiň berk binýadydyr.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.