DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Saglyga peýdaly önümler

Türkmen halky özüniň jan saglygyny başynyň täji hasaplaýar. Türkmen topragynda bitýän gök-bakja önümleriniň ählisiniň adam
bedeni üçin peýdasy örän uludyr. Halk arasynda «Keseli bejermekden,onuň öňüni almak has amatly» diýen aýtgy hem bar.
Alma — almanyň düzümindäki witaminler adamyň bedenini wirusly kesellerden goraýar. Iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar.
Limon — bagry we ýüregi gowulandyrmak üçin örän gowy iýmitdir. Limonyň böwrekde daş döremeginiň öňüni almakda hem peýdasy örän uludyr.
Şugundyr — bu gök önümi lukmanlar islendik görnüşde ulanmagy maslahat berýärler. Gaýnadylan, bişirilen, dürli tagamlara we işdäaçarlara goşulan görnüşde iýmek örän peýdalydyr.
Kädi — minerallara we witaminlere baý bolup, energiýany artdyryp, kesellere garşy göreşýär. Düzüminde demriň köp mukdaryny saklaýar. Ol ganazlykdan
kösenýänler üçin gymmatly önümdir. Kädiniň düzüminde A we E witamini bolup, ýürek-damar kesellerinde hem peýdalydyr. Onuň çigidi hem dermanlyk hökmünde
peýdalanylýar.

 

 

Pollyýew Nuraly
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby