DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Haýyrly we sahawatly ýörelgeleriň dabaralanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy wakalar, şanly seneler goşa-goşadan gelýär. Mukaddes Oraza aýy halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen has-da dabaralandy.
Aýlaryň ýagşysy hasaplanýan Remezan aýynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew şäherinde täze metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Gadymy Änewiň buýsançly taryhyndan habar berýän şekiller bilen kemsiz bezelen metjide Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, «dünýäniň we diniň bezegi» derejesine eýe bolan Seýit Jemaleddiniň adynyň dakylmagynda çuňňur many bardyr.
Bu asylly işleriň dowamy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli welaýatlarda dowam etdi. Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap täze metjitler halkymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda ulanmaga berlen Ruhubelent metjidi 300 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenip, ol 3 gektar meýdanda ýerleşýär. Ruhubelent metjidine Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň adyndan ýörite awtoulaglaryň gowşurylmagy çärä gatnaşanlaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýerde agzaçar sadakasy berlip, tarawa namazy okaldy. «Allanyň öýüniň» şeýle mukaddes günde açylmagy Gahryman hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň halkymyzyň asylly däplerini, mukaddes ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
Şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, iş kesilen 356 sany raýatyň günäsiniň geçilmegi ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy.
Bagtyýar il-halkymyz hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, 10-njy aprelde Oraza baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň ähli metjitlerinde baýram namazlary okalyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.