DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baý geçmişimiziň belent tarypy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy göwünlere ganat berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda «Gadymy Änewiň şöhratly taryhy — baý geçmişimiziň belent tarypy» atly şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Ejebaý Akmädowa, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Serdar Saparow, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gözel Köpikliýewa dagy çykyş edip, gadymy Änewiň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp kitabyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda: «Türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýan ak bugdaýynyň ilkinji mekany bolan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän şanly ýylda gadymy Ahal topragynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler hakynda söhbet etmek meniň üçin örän ýakymly hem buýsançly» diýip belläp geçmegi toýlary goşadan gelýän halkymyzyň şatlygyny has-da belende göterdi. Bu barada söhbetdeşligiň dowamynda aýratyn bellenip geçildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeni mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşandyny äleme ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy hakynda çykyşlarda nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň milli medeni mirasyny dünýä ýaýmak babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Ýörite habarçymyz.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.