DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hünärli ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň, etrap häkimliginiň garamagyndaky 5-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Hünäre kämillik — Watanyň ösüşine goşant» atly çärä agzalan okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçen çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimli, hünärli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerine uly üns berýändigini, ýaşlaryň hünär öwrenmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Çykyşlaryň dowamynda ýaşlaryň başlangyç hünärleri göwnejaý ele almaklary, öz kärine kämil bolmaklary barada uly alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.