DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Kitap — kämilligiň gözbaşy

Şeýle at bilen Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda bäsleşik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bäsleşige şu okuw jaýynyň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar 3 sany şert esasynda ýaryşyp, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan jümleleri labyzly okamak, rowaýatdyr tymsallara degişli parçalary sahnalaşdyrmak, ýürek buýsançlaryny beýan etmek boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda talyplaryň arasyndan ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.