DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gyz-gelinlerimiziň el hünäri

Türkmen zenanlarynyň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli el işleri bolup, öz owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan nagyşlar hem ajaýyp sungat eseridir. Nagyşlarda zenanlarymyzyň ýürekleriniň owazy, päk arzuw hyýallary, tebigy gözelliklere bolan söýgüsi jemlenip, olar ýerine ýetirilişi boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Geýim-gejimlere, tahýalara, ýakalara salynýan nagyşlar köpdürliligi bilen tapawutlanyp, olardaky görnüşlerde, reňklerde durmuşyň sazlaşygyny duýmak bolýar. Ene-mamalarymyz gyzlaryna ýaşlykdan hünär öwretmek bilen, olaryň aň-düşünjeleriniň ösmegi babatda-da alada edipdirler. Olar öwredýän hünärleri bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, tymsallary, durmuş pursatlaryny gürrüň beripdirler. Türkmen gelin-gyzlarynyň hünärli gollarynyň keşdelän, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän tahýalary, gül tahýalary barada halk arasynda birnäçe rowaýatlar hem döräpdir. Keşde bejermek, gaýma gaýamak, milli egin-eşikleri biçmek we tikmek, halydyr palas, keteni dokamak ýaly işler türkmen gyz-gelinleriniň kämillik derejä ýetiren hünärleridir.
Bu günki gün şeýle milli hünärlerimize uly üns berilýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň degişli güwänamalaryny gowşurdy.

 

Mämedowa Gülnur
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby