DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täzelenişiň we joşgunyň pasly

Ata Watanymyza gadam basan nurana baharyň her bir güni bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döredijilik adamy üçin baharyň täsiri aýratyndyr. Bahar — täzelenişiň hem-de joşgunyň pasly. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrümize şan getiren ajaýyp baharyň waspy köňülleriň ylhamyna öwrülip, Pyragyly ýyllaryň joşguny bolup ýaňlanýar. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TDP-niň Daşoguz şäher komiteti hem-de welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran döredijilik duşuşygy hem şeýle täsirli pursatlara baý boldy.
Duşuşygyň dowamynda «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gözel Seýidowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy Ýazbibi Mämmedowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabeg Aşyrowa dagy çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlara beslenýän günlerinde tebigata gözellik, göwünlere joşgun eçilip gelen baharyň täsiri hakynda gürrüň etdiler. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenýän şanly ýylynda gelen bahar paslynyň aýratyn üýtgeşik ýakymynyň bardygy hakynda belläp, döredijilik duşuşygyna gatnaşýan ýaş şahyrlar özleriniň täze döreden goşgularyny okap berdiler.
Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, milli medeni mirasymyza, edebiýatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.