DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Daýhan obasyndaky daýhan ene

Öýüň işiginden ätlän dessimize «Geliň balalarym, gelen — döwlet diýipdirler» diýen sesiň gelýän tarapyna seretdik. Sag ýanymyzda gapysy açyk duran jaýyň içinde durşy bilen mähre baý bolup, ör turup duran ene üýtgeşik bir mähir bilen bizi garşy aldy.
— Baýramsoltan, myhmanlary ol jaýa geçir! — diýip, öýdäki zenanlaryň birini çagyrdy. Baýramsoltan bizi myhman otagyna eltdi. Otagyň töründe diwara söýegli duran ýassygyň gapdalynda ýassykdaşy taýýarlanyp oturylan mata hem iňňe-sapak durdy.
— Ejemiň ýerine ýetirip oturan işidi bu — diýip, Baýramsoltan dessine olary gyra ýygnamak bilen boldy. Şonda onuň biziň idäp gelen enemiziň gyzydygyna düşünip galdyk. Onda bizi ýaňy garşy alan süňňi sagat ene kim bolýar diýen pikir şol bada serime doldy. Meger, ol enäniň iň uly gyzydyr diýen pikirimde galdym.
Az salymdan ak gyňaç atynyp otaga gelen enäni görüp, birbada näme diýjegimi we nähili pikir etjegimi bilmän ýaýdandym.
— Sizi biraz garaşdyraýdym öýdýän. Gyňajymy atynaýyn diýip eglendim — diýip, hoşamaýja ýylgyryp duran enäni täzeden gujakladym.
Akdepe etrabynyň Pagtaçylyk geňeşliginiň Daýhan obasynda ýaşaýan, 109 ýaşly Nobar Gylyjowanyň durmuşy barada makala taýýarlamak niýetine gelen pursadym, häzirki ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolaryn diýip asla pikir hem edemokdym. Asyr ýaşy arka atyp, on birinji onlugy tegeläp barýan ene bilen şeýle ýagdaýda duşuşmak hiç wagt pikirime-de gelmedi. Kaddyny dik tutup, dähedem-dessemläp ýöräp otaga giren ene asyl görüp otursak bizi ilki garşylan, idäp gelen enemiziň uly gyzydyr diýen pikire gitdiren zenan bolsa nätjek?!
Meniň alasarmyk ýagdaýyma şo bada düşünen Baýramsoltan:
— Ejem jan tüweleme, özi girip-çykýar. Ýaňam aýtdym-a, ejemiň edip oturan işidir bu diýip. Tikin-çatyn bilen meşgullanýar, boş oturmagy halamaýar — diýdi.
— Meni sylap geleni Alla ýalkasyn, balalarym! Gül ýaly günüm bar, nägile zadym ýok. Her ýerden adamlar gelip halymdan habar sorap durýarlar. Prezident Oglumdan sowgat-salam getirýärler. Şükürim kän, bizi sylaýan mähriban Oglumyzyň ýedi arkasy ýere degmesin! — diýip, durşy bilen alkyşa beslenip oturan enäni kellämi kakyp hem goldaýardym, hem tolgunma bilen synlaýardym. Özümde şeýle bir üýtgeşik duýgulary döreden bu ýagdaýdan esli wagt saplanyp bilmän oturdym.
109 ýaşly Nobar ene ýanýoldaşy Gylyç Hojakow bilen 5 çagany terbiýeläp ýetişdirýär, okadýar. Olaryň köpüsi häli-häzirem mugallymçylyk ugrunda zähmet çekýär. 21 agtykly, 36 çowlukly, 4 ýuwlukly kaddy-kamatly ene ýüzüne buýsanç çaýyp:
— Dördünji ýuwlujagym geçen ýyl dünýä indi. Süňňümiň gurbaty berkäýene döndi. Tüweleme, neberelerimiň her haýsysy eýýäm öý-ojak bolup, dürli ugurlarda zähmet çekýärler. Arasynda halymdan habar sorap gelýärler, dünýäm giňäp gidýär. Şeýle arzylanyp oturamsoň, ýaşadygymça ýaşasym gelýär — diýdi.
Enäniň 77 ýaşly, häzir hem orta mekdepde okuwçylara zähmet dersinden sapak berip ýören ogly Tirkeş Gylyjow:
— Ejemiň tohum-tiji uzak ýaşaýanlardan. Babamam, mamamam, daýylarymam 100 ýaşdan geçip ýaşan adamlar. Bu olara Allanyň ömür peşgeşi. Tüweleme, köp işlerde, gaýtam, ejem bize goltgy berýär. Öýümiziň teperrigi hökmünde ähli işlerimiziň oň bolmagyna gözbaş bolup, ýene-de uzak ýyllar ömür sürmegini arzuwlap ýaşaýarys — diýdi.
Nobar ene uzak ömrüniň dowamynda durmuşyň her hilli çarkandagyna duçar bolup, kötelli ýollary geçmeli bolýar. Uruş döwrüniň kynçylyklary, ondan soňky dikeldiş döwrüniň azaply işleri baýdak boýly Nobaryň hem deňinden sowlup geçmeýär. Ähli kynçylygy halal zähmet bilen ýeňmäge endik edinen ene ökde keçeçi hem keşdeçi hökmünde ildeşleriniň arasynda adygýar. Keçe güllemekde, basmakda uly tejribä hem göreldä eýe bolan akdepeli zenanlar häli-bu güne çenli Nobar enäniň ýanyna gelip, ondan keçäniň gadymy nusgalaryny, inçe ugurlaryny öwrenýärler. Ene daýhançylygyň hem inçe tärlerini özleşdirip, ýaşlyk döwründe ýerden ýokary hasyl almak bilen, sylaglara mynasyp bolup gelipdir. Onuň ogul-gyzlary her paslyň gabatlan pursady şoňa görä ýere etmeli hyzmat barada ýatladyp, maslahatlaryny berip oturýandygyny aýdýarlar. Meýdanda daýhan, öýde öý bikesi, çagalaryň enesi, el işleriniň ussady bolan Nobar enäniň ukyp-başarnygy barada ildeşleri hemişe ýagşy gürrüňleri edýärler. Şonuň özem zähmetkeş enäniň öz ömrüni halal hem tutanýerli zähmetiň miweleri bilen uzaldandygyndan habar berýär. «Diňe bir neberelerim däl, hormatly Prezident Oglum hem gadyrymyzy bilýär. Ömri uzak bolsun!» diýip, zybanyndan alkyşlar ýagdyryp, degre-daşyny mähir çoguna çoýup oturan enäniň ömrüne ömür goşulmagyny arzuw etdik.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.